Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy


Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphana abonement bölümi Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň kitaphanasy bilen bilelikde «Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy» ady bilen akyldaryň edebi mirasyna sarpa goýup göçme kitap sergisi gurnady hem-de kitaphana synyny geçirdi.

Mälim bolşy ýaly şu ýylyň 17-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Döwlet Baştutanymyz türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Täze kitap mähriban halkymyza ajaýyp sowgat boldy.

Döwlet kitaphananyň kitaphanaçysy, Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň kitaphanasynda mugallymlaryň we talyp ýaşlarynyň arasynda «Magtymguly» atly kitap boýunça kitaphana synyny geçirdi. Sebäbi beýik akyldaryň umman ýaly giň manyly döredijiligi durmuşyň islendik meselesini çözmekde biz kitaphanaçylar üçin ýol ýörelgedir.

Kitaphana synyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.