Haly türkmeniň nepis sungaty
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Haly türkmeniň nepis sungaty» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda haly sungatyny dikeltmäge we ösdürmäge uly üns berilýändigini, halyçylyk senediniň iňňän gadymy sungatyň naýbaşysy hasaplanyp, türkmen halysynyň syrly-syrly göllerinde türkmen topragynyň tebigat dünýäsini, ýüpek-sapaklarynyň reňklerini bolsa tebigatyň dürli ösümliklerinden boýandyklary hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Mundan başga-da ene-mamalarymyzyň gürrüň bermegine görä, öňler gyz bäbek dünýä inende ilkinji arlyk hökmünde hala dolap, ulananda eli çeper halyçy bolsun diýip yrym edendiklerini, haçanda çaga ýörjen-ýörjen wagty ony hem halynyň üstünde duruzyp köp saklapdyrlar. Bu bir tarapdan onuň aýagynyň halynyň üstünde taýman, berk durmagyna ýardam berse, beýleki bir tarapdan syk dokalan halynyň tüýjümek ýüňi dabandaky damarlarynyň işleýşini işjeňleşdirendigini, şeýlelik-de halkymyzyň mirasynda çagalyk döwrüniň ilkinji ädimleri hem türkmen halysynyň üstünden gadam basyp başlandygy barada beýan etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda halyçylyk sungatyny ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.