Medeniýet-ynsan köňlüniň nury
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet-ynsan köňlüniň nury» atly edebiýat agşamy geçirildi.
Edebiýat agşamyna medeniýet we sungat ulgamynda zähmet çekýän ussat halypalar çagyryldy. Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işler barada hem-de ýakynda uly dabara bilen bellenilip geçiljek «Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe» görülýän taýýarlyklar barada gürrüň etdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmekde edýän aladalary üçin köp sag bolsun aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw etdiler.