Bagtyýarlyk döwrüniň çagalary


Bagtyýarlyk döwrüniň çagalary

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Bagtyýarlyk döwrüniň çagalary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde eziz Watanymyzyň asuda goýnunda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalar mähir, söýgi, üns-alada bilen gurşalýandygy, bagtyýar nesilleriň rahat dynç almaklary, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, çagalara degişli birnäçe gyzykly kitaplardan sergi gurnaldy we tapmaçalar, ýaňyltmaçlar esasynda sorag-jogap alşyldylar.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda bagtyýar nesillerimiziň ýagty geljegi üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.