Akyldar şahyryň goşgulary – asylly terbiýäniň çeşmesi


Akyldar şahyryň goşgulary – asylly terbiýäniň çeşmesi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 85-nji orta mekdebinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Akyldar şahyryň goşgulary – asylly terbiýäniň çeşmesi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleri umumadamzat gymmatlygy bolmak bilen, çuňňur many-mazmuna eýedigi we türkmen edebiýatyna uly goşant goşan akyldar şahyryň edebi döredijiligi diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem häzirki döwrümiziň hem ýaş nesillerine ýol-ýörelge bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de, Akyldar şahyryň pähim-paýhasa ýugrulan watançylyk, ruhy-ahlak, edep-terbiýe baradaky şygyrlaryndan birnäçesi çeper okaldy.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.