Dost-doganlyk merkezi Ak şäherim Aşgabat
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda «Garajaoglan» seýilgähinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Dost-doganlyk merkezi Ak şäherim Aşgabat» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler Ak şäherimiz Aşgabady okgunly ösdürmek we abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzyň ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de owadan binagärlik toplumlary, giň şaýollary, ýokary amatly ýaşaýyş jaýlary, gök zolakly seýilgähleri, köp sanly suw çüwdürimleri bolan paýtagtymyzyň Merkezi Aziýanyň merjen şäherine öwrülendigi, adamlaryň dynç almagy üçin ähli amatly şertleriň döredilendigi barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahrynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.