BELENT BOÝLY USSADYM


BELENT BOÝLY USSADYM

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň «Belent boýly ussadym» atly täze kitaby gelip gowuşdy. Bu kitapda Gündogaryň nusgawy şahyry we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi ussatlyk bilen beýan edilýär. Kitapda orun alan goşgular şahyr zenanyň dürli ýyllarda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden ruhlanyp, durmuş, söýgi, ýaşaýyş baradaky ýazan goşgularydyr.

Kitap bilen gyzyklanýan okyjylarymyzy kitaphanamyza çagyrýarys.