HALK DÖREDIJILIGI–TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda «Halk döredijiligi–terbiýäniň gözbaşy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Çagalaryň dynç alyş möwsümini şatlykly, netijeli geçirmekleri üçin uly aladalar edilýär. Güneşli ýurdumyzda salkyn saýaly baglar bilen gurşalan dynç alyş merkezlerinde orta mekdeplerden gelen çagalar deň-duşlary bilen tanyşýar hem-de dostlaşýar. Dürli täze-täze oýunlary öwrenip, goşgudyr aýdymlary ýat tutup tomusky dynç alyş möwsümlerini ýatdan çykmajak pursatlara besleýärler.
Çärede ösüp gelýän ýaş nesilleriň milli ruhda, ylymly-bilimli, berk bedenli, sagdyn ýaş nesliň kemala gelmeginde halk döredijiliginiň görnüşleri: ajaýyp eserler, halk eposlary, rowaýatlar, ertekiler, hüwdüler, läleler, mataldyr nakyllar we milli oýunlaryň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşlikde çagalara Türkmen halk ertekileri kitapdan birnäçe ajaýyp ertekiler okap berildi.
Çäräniň ahyrynda durmuşymyzyň guwanjy bolan körpe nesilleriň şatlygy hem-de bagtyýarlygy üçin uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.