Pyragyň arzuwlan ajap çagynda, ös sen medeniýetim, gülle sungatym
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Pyragynyň arzuwlan ajap çagynda, ös sen medeniýetim, gülle sungatym» ady bilen aýdym–sazly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat her bir ynsanyň kalbynda ýagşylygy, gözelligi älem gowluklaryny döredýän gymmatly hazynadygyny belläp, munuň özi milli medeniýetimiziň örän gadymyýetden gözbaş alýan binýadynyň bardygyny, sazlaşykly ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär. Bularyň hemmesi halkymyzyň şahyranalygyny, milli medeniýetiniň belentden sarpalanýandygyny alamatlandyrýar diýip söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşylar topary ajaýyp aýdym–sazlary bilen çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen medeniýetimizi täze belentliklere çykarmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.