GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ KITAPLARY ÝAŞLARA GÖRELDE MEKDEPDIR
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary ýaşlara görelde mekdepdir» atly gezelençli söhbetdeşlik geçirildi.
Taryhy geçmişimizden bilşimiz ýaly dünýäniň ähli halklary kitaba uly sarpa goýup, ony durmuşyň bezegi, ýaşaýyşyň manysy hasaplapdyr. Kitap hemme döwürde-de halkyň gündelik durmuşynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan her bir eserleri halkymyza egsilmez şatlyk paýlaýar. Çünki bu ajaýyp eserler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza hem-de halkymyza çäksiz söýgi paýlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş berýän döwlet ähmiýetli kitaplary halkymyza hem-de dünýä jemgyýetçiligi üçin gollanma bolup hyzmat edýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başynyň aman, ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan ilhalar eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, döwletli işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.