MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÖMÜR DÖREDIJILIGI


MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÖMÜR DÖREDIJILIGI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň, «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda «Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligi» atly söhbetdeşlik geçirildi

Magtymguly Pyragy örän parasatly, gepe çeper, adam bolupdyr. Magtymguly Pyragy özüniň gowy häsiýetleri bilen halka görelde görkezipdir, akyl paýhasy bilen adamlary terbiýeläpdir. Magtymguly Pyragy goşgularyny köpçüligiň üşen ýerinde, toý meýlislerde okap berip, adamlary gahrymançylyga, ar-namysly, hüşgär bolmaklyga çagyrypdyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde adamyň özüni alyp barşynyň, gylyk-häsiýetiniň, dünýägaraýşynyň, ygrarlylygynyň, medeniýetliliginiň, ahlaklylygynyň esaslary giňden açylyp görkezilýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ynsan ýüreginiň dili bilen many-mazmuna baý bolup, her bir sözi nakyla barabar. Magtymguly Pyragy adamzat aňyna süýji sözleri bilen täsir edip, islendik garaýşyny pelsepewi oýlanmalar bilen beýan edip, özüne baglaýar. Türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi, ýaş nesillere görelde, mekdebi bolup hyzmat edýär.

Söhbetdeşlikde Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň nesillerimizi, mynasyp terbiýelemekde uly ähmiýetiniň bardygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Şeýle täsirli çykyşlardan soňra çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.