SERGI


SERGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Şol mynasybetli hem Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda gurnalan sergimiz «Orta asyrlarda ösen şäherler» atly kitap gurnaldy. Kitap sergimize Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Bölümiň okalga zalynda gurnalan sergide Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eseri Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet-atly kitabynda Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryny bilen däl eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekip bilýär. Ýurdumyzyň ähli künjegi, şol sanda gadymy Ahal topragy hem beýik taryhy ösüşlere baýdyr. Şeýle wakalardan ruhlanyp taýýarlan şu kitabym eziz halkymyza sowgadym bolsun! diýip kitapda belläp geçýär.

Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.