TÜRKMEN KEÇESI


TÜRKMEN KEÇESI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna täze gelen «Türkmen keçesi» atly kitapdan kitaphana syny geçirildi. Bu synda çykyş edenler gadymy mirasa baý halkymyzyň sungat derejesine ýeten türkmen keçesi, onuň baý taryhy barada, türkmen keçesini taýýarlamagyň düzgünleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Kitaphana synynyň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.