KALPLARA SIŇEN PYRAGY


KALPLARA SIŇEN PYRAGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Kalplara siňen Pyragy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Akyldar şahyrymyzyň mertebesi, onuň türkmen halkynyň taryhyndaky, medeni-edebi durmuşyndaky orny bakydyr. Ähli döwürleriň we köňülleriň şahyry bolan, Magtymguly Pyragynyň jemgyýetimiziň ruhy kämilligine, ahlak sagdynlygyna hyzmat edýän şygyrlary biziň her birimiziň kalbymyza beýik ynam, aňymyza edep mekdebi, göreçlerimize öçmejek nur bolup çaýylýar. Magtymguly Pyragy mertligi, batyrlygy, watançylygy, söýgini wasp eden hyjuwly şahyr, başarjaň terbiýeçi, wagyz-nesihatçy hökmünde ýaş nesliň kalbynda uly orun aldy. Munuň özi beýik nusgawy şahyrymyzyň türkmen halkynyň medeniýetiniň, terbiýeçilik mekdebiniň kemala gelmeginde bitiren hyzmatlarynyň örän uludygyny görkezýär. Şonuň üçin hem şahyryň halkymyza mahsus belent häsiýetleri, ýokary adamkärçilik sypatlary, wasp edýän döredijiligi türkmen halkymyzyň genji-hazynasy bolup durýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.