MEDENI MIRAS


MEDENI MIRAS

Söhbetdeşlige gatnaşanlar sözleriniň başynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmekdäki alyp barýan beýik işleri bu gün dünýä bellidir. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň ýazan ajaýyp kitaplary: «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Parahatçylyk sazy dostluk, doganlyk sazy», «Paýhas çeşmesi» ýaly gymmatly kitaplary halkymyzyň arasynda watansöýüjilik ýörelgelerini giňden wagyz edýän gymmatly çeşmelerdir diýip, giňişleýin söhbet etdiler.

Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.