GÜNIŇ UKLAÝAN ÝERINE SYÝAHAT


GÜNIŇ UKLAÝAN ÝERINE SYÝAHAT

Mary welaýat çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýazyjy Allaberdi Haýydowyň 95 ýyllygy mynasybetli «Günüň uklaýan ýerine syýahat» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Bu çärede Allaberdi Haýydowyň ýazan goşgularyndan okalyp, edebiýatlaryna syn berildi, gyzykly tapmaçalar çözülip, şowhunly sorag-jogaply krassword oýny oýnaldy. Çagalar özlerini gyzyklandyrýan soraglara gyzykly hem-de täsirli jogaplary tapyp öz wagtlaryny diýseň şadyýan geçirdiler.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary we ýurdumyza belli ýazyjy-şahyrlaryň dürli ýaşdaky okyjylar üçin ýazan kitaplarynyň sergisi gurnaldy we kitaphanamyza kitap okamaklyga çagyryldy.