KITAPHANA SYNY


KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi tarapyndan 3-nji iýulda bölüme gelen täze edebiýatlara syn geçirildi. Bu kitaphana syny Oba hojalyk edebiýatlary bölümine täze gelen «Мароккская саранча. Docitaurus Maroccanus (Thunberg, 1815). Морфология. Распространение. Экология. Управление популяциями» atly rus dilindäki kitap barada bolup, bu kitap Marokka çekirtgesi baradadygyny, onuň morfologiýasy, ýaýraýşy, ekologiýasy, şeýle-de populýasiýalarynyň dolandyrylyşy barada bölümiň işgärleri giňişleýin gürrüň berdiler. Çekirtgeleriň bu görnüşi barada gyzyklanýanlara gerekli bolan maglumatlary almaga giňişleýin mümkinçilikler döredildi.

Şeýle giňişleýin mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy.