MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINE BELENT SARPA


MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINE BELENT SARPA

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda paýtagtymyzyň «Arkaç» medeni dynç alyş söwda merkezinde «Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, nusgawy edebiýatyny ylmy esasynda öwrenmek, geljek nesillere miras goýmak asylly ýörelgä öwrülendigi we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle gymmatlyklaryň biri bolan türkmen nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligini we edebi mirasyny öwrenmek, wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa ornaşdyrylýandygy dogrusynda belläp geçdiler. Şeýlede Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, parahatlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyr bolandygy hem-de akyldar şahyryň şygyrlary döredijilik bilen iş salyşýan her bir adam üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etýänligi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge, onyň gadyr gymmatyny ýitirmän ýaş nesillerimize ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.