TÜRKMEN KEÇESI


TÜRKMEN KEÇESI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Türkmen keçesi» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde gadymy mirasa baý halkymyzyň sungat derejesine ýeten gymmatlyklary sanardan köpdügi, şolaryň içinde türkmen keçesine uly orun degişlidigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de bu kitapda halkymyzyň gadymy keçe taýýarlamak senediniň inçe syrlary, keçe önümleriniň köpdürliligi, onuň nagyşlarynyň many-mazmuny, halkymyzyň ruhy dünýäsinde tutýan orny barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli mirasymyza uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.