ARKADAGYŇ NUSGALYK ESERLERI–BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY


TÜRKMEN HALK ERTEKILERINIŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan kitaplary esasynda «Arkadagyň nusgalyk eserleri–beýik ösüşleriň gözbaşy» ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Serginiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Ol eserleriň aňýeti ösdürmekdäki we şahsyýeti terbiýelemekdäki aýratyn orny barada täsirli gürrüňler edildi.

Gurnalan kitap sergisine gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, halkymyzy beýik ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.