GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI- ÝOLUMYZA ŞAMÇYRAG
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag şäher häkimligi we Türkmenistanyň kärdeşler Arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýolumyza şamçyrag» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplary türkmen halkynyň kitap baýlygynyň has-da baýlaşmagyna saldamly goşant goşýar. Şeýle hem bu ajaýyp eserler türkmen halkynyň milli ruhy-medeni gymmatlyklaryny we ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Mundan başga-da, bu gymmatly kitaplaryň diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, rus, iňlis, dünýäniň dürli dillerinde neşir edilmegi dünýä jemgyýetçiliginde, adamzadyň aňýetinde uly gyzyklanma döredýär.
Şeýle gymmatly eserleri türkmen halkyna peşgeş berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri joşgunly ýaňlandy.