MEDENI MIRAS–RUHY BAÝLYGYMYZYŇ ÇEŞMESI
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşygy bilen bilelikde «Medeni miras–ruhy baýlygymyzyň çeşmesi» ady bilen Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi muzeýinde söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýulýandygyny, türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary şeýle hem keşdeçilik sungatymyz dünýäniň medeni-ruhy hazynasynda mynasyp paýynyň bardygyny aýratyn bellemek bilen keşde çekmek türkmen halkynda örän inçe sungat hasaplanyp, onuň ene mamalarymyzyň arzyly hünärleriniň biridigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de sungat derejesinde biziň günlerimize çenli gelip ýeten gadymy halylarymyz häzirki ajaýyp zamanada nesillerimiz üçin taryhy gymmatlyk, halyçylyk sungatynyň bolsa esasy binýady bolup hyzmat edýändigi, merdana halkymyzyň ruhy hem-de maddy durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen halysynyň şanyna ýurdumyzda toý-baýramlar uludan tutulýandygy, munuň özi çeper elli halyçylarymyza, halyçylyk sungatyna ömürlerini bagyş eden ene-mamalarymyza goýulýan çäksiz we egsilmez sarpadan nyşan bolup durýandygy hakynda buýsanç bilen beýan etdiler.
Medeni-mirasymyza belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.