BAGTYÝAR ÇAGALARYŇ ŞADYÝANLYGY


BAGTYÝAR ÇAGALARYŇ ŞADYÝANLYGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Bagtyýar çagalaryň şadyýanlygy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çagalar geljegimizi ýagtyldýandygyny, nurlandyrýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeler, gazanylýan ösüşler, ýaş nesilleriň ýagty geljeginiň bähbidine gönükdirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzda çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde döwrebap dynç almaklary, ruhy we bedeni taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin hem ähli şertleriň döredilýändigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda körpe nesilleriň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.