MEDENIÝET MILLETIŇ RUHY BAÝRAMY


MEDENIÝET MILLETIŇ RUHY BAÝRAMY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Medeniýet milletiň ruhy baýramy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz dana ata-babalarymyzyň döreden we kämillik derejesine ýetiren milli gymmatlyklaryna, medeniýetine, sungatyna diýseň ýokary baha berýär. Diýarymyzda her ýyl Medeniýet hepdeligi halkymyzyň medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösmegine şert döredýän giň möçberli döredijilik çäreleriniň biridir. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy döwrebap ösdürmek we dünýä ýaýmak babatda bitirilýän işler her birimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Özboluşly medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Ata-babalarymyzdan miras galan Watanymyzy gülledip ösdürmek hem-de halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamaklygy üçin ähli şertler döredilýär.

Milli medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak, mundan beýläkde baýlaşdyrmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun.