MEDENIÝET MILLETIŇ MERTEBESI


MEDENIÝET MILLETIŇ MERTEBESI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň we «Altyn-asyr» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Medeniýet milletiň mertebesi» atly söhbetdeşlik çäresi geçirildi.

Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesini artdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny we ruhy bitewüligini aýawly saklamaga gönükdirilendir. Medeniýet ulgamynyň gazanan üstünlikleri sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge, şeýle-de giň halkara medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda milli mirasy, senetçilik we ussaçylyk däpleri, amaly-haşam sungatyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, bu ugurda halkara derejede amala aşyrylýan tagallalara döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.