MEDENIÝET–DÖREDIJILIGIŇ HEM JEBISLIGIŇ BAÝRAMY


MEDENIÝET–DÖREDIJILIGIŇ HEM JEBISLIGIŇ BAÝRAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Mekezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ylham» seýilgähinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet-döredijiligiň hem jebisligiň baýramy» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilýän günlerinde geçirilen bu döredijilik duşuşygynda çykyş edenler milli medeniýetimiz türkmen halkynyň ýol-ýörelgesini, ruhy dünýäsini, şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklaryň özboluşly şöhlelenýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzlyp çykan birnäçe ajaýyp kitaplaryndan we akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerinden göçme kitap sergisi gurnaldy we şol kitaplara syn berildi.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.