KITAPLAR BILIMLERIŇ EGSILMEZ ÇEŞMESIDIR


KITAPLAR BILIMLERIŇ EGSILMEZ ÇEŞMESIDIR

«Arkadagyň bagtyýar nesilleri» dynç alyş we sagaldyş merkezinde Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda tomusky dynç alyş möwsümi mynasybetli «Kitaplar bilimleriň egsilmez çeşmesidir» ady bilen söhbetdeşlik, gurjak oýun görkezildi we kitap sergi gurnaldy.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle hem Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň sergisi gurnaldy çagalar bu sergileri uly gyzyklanma bilen synladylar, şowhunly sorag-jogaply krossword oýnyny oýnadylar. Türkmen halk ertekileri esasynda düzülen gurjak oýnyna tomaşa edip, gurjaklar bilen ýakyndan tanyşdylar. Çagalar özlerini gyzyklandyrýan soraglara gyzykly hem-de täsirli jogaplary tapyp öz wagtlaryny diýseň şadyýan geçirdiler. Goý ýurdumyzda il bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun! Il ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn.