KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda «Köňülleriň çyragy» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Türkmen halk döredijiligi hem-de nusgawy edebiýatymyzyň görnükli şahyrlary we ýazyjylary nesilleriň sahypalaryny açyp görkezmekde gymmatly çeşmeleriň biri bolan türkmen edebi mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halk döredijiliginde, ýazuw edebiýatynda bolşy ýaly, watançylyk, gahrymançylyk, yhlas, myhmansöýerlik, adamkärçilik we ahlak ideýalary möhüm orny eýeleýär. Şeýle-de bolsa, bu pikirleriň hemmesiniň ýazuw däplerinde, esasanam XVIII asyr edebiýatyny öwrenmekde täze garaýyşlaryň ösmegine goşant goşandygyny bellemelidiris. Dessanlary we eposlary öz içine alýan nusgawy edebiýatda ruhy we maddy medeniýet okyja çeper söz bilen aýdylýar. Edebiýatşynaslar häzirki zaman görnüşinde türkmen edebiýatynyň XVIII asyrda ýüze çykandygyny öňe sürýärler. XVIII asyryň nusgawy türkmen edebiýaty täze nesliň ýoluny açýar, ýaş nesli terbiýeleýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzy öwrenmäge olary dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.