SERGI


SERGI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri hem-de «Awtomobil ýollarynyň gurluşygy», «Ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek» atly temalar bilen sergi gurnaldy. Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryny özlerine nusgalyk saýýan türkmen nesilleri hemişe öz Watanynyň ýaşyl Baýdagyny belentde parlatmak üçin okaýarlar, öwrenýärler, döredýärler we zähmet çekýärler.

Sergä gatnaşanlar bagtyýar zamanamyzy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.