HALKYŇ BAGTYÝARLYGY-DÖWLETIŇ BERK BINÝADYDYR
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi,Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda «Halkyň bagtyýarlygy-döwletiň berk binýadydyr» atly maslahaty geçirildi.
Bu maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleri, ösüşiň täze belentliklerini şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, alnyp barylýan halk bähbitli işleriniň, taryhy başlangyçlaryň, haýyr-sahabat we ynsanperwer işleriň ähmiýeti, milli senetçiligi, halyçylygy, sungatymyzy ösdürmek, taryhy, medeni we ruhy baýlyklarymyzy, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy wagyz-nesihat etmek meseleleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetleriniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.