TÜRKMEN KEÇESI


TÜRKMEN KEÇESI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna ýaňy-ýakynda täze çapdan çykan «Türkmen keçesi» atly kitap gelip gowuşdy. Kitap üç dilde ýagny, türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilen. Bu kitapda türkmen öýüniň törüniň bezegi, zenanlaryň on barmagynyň hünäri, ynsan üçin jana ýakymly, mylaýym we ýyly düşek hökmünde giňden peýdalanylýan, türkmeniň ak öýleriniň üstüni örtmek üçin ulanylýan, enelerimiziň sabyr-takat, tutanýerlilik we yhlasy bilen basylan keçeleriň gadymylygy, aýratynlygy, nagyşlary barada giňişleýin beýan edilýär. Şeýle-de boz keçeler, atkeçeler, namazlyk keçeler, gülli keçeler ýaly keçeleriň dürli görnüşleri we ol keçelere salynýan «Şelpeligöl», «Gelinbarmak», «Gapyrga», «Tazyguýruk», «Aktüýnük», «Darakgoçak», «Pişmegoçak», «Sekizgoçak», «Çopantelpek», «Aýnagöl», «Tumargöl» ýaly nagyşlaryň özboluşlylygy barada gyzykly maglumatlar bar. Kitaphanamyzyň hünärmenleri hem täze kitaby ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Gökdere dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

Dabarada türkmen halkynyň milli ýörelgelerine, medeniýetine, sungatyna aýratyn hormat-sarpa goýup, ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli mirasymyza uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.