DÜNÝÄ DOLDY YNSANPERWER ÝOLUŇYZ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ!


DÜNÝÄ DOLDY YNSANPERWER ÝOLUŇYZ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlap «Dünýä doldy ynsanperwer ýoluňyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň her bir gününde gazanylýan üstünlikler, ajaýyp ýeňişler, biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ykdysadyýetimiz bilen deň derejede sazlaşykly ösüşleri, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän beýik işler hakynda söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri bitirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.