ÝAZYJA BAGYŞLANAN SERGI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi «Walt Whitman (1819-1892). To 205th anniversary of the American writer» («Amerikan ýazyjysy Walt Witmeniň (1819-1892) 250 ýyllygyna») bagyşlanyp sergi gurnaldy.
Kitaphanada amerikan ýazyjysy Walt Witmeniň (1819-1892) 250 ýyllygyna bagyşlanyp sergi gurnaldy. Bu günki gün daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanma ep-esli artýar. Daşary ýurt ýazyjylaryň däp-dessurlary, durmuş ýoly we beýleki milletleriň dünýägaraýşy bilen döreden eserleri gözýetimini giňeldýär, aň-düşünjäni ösdürýär, dürli halklaryň däp-dessurlaryna, taryhyna we medeniýetine aralaşmaga ýardam berýär.
Sergide esasanam ensiklopediýalar, habar berýän informasiýon edebiýatlar, edebiýaty öwreniş kitaplar, çeper edebiýatlar, awtoryň eserleri sergilendi. Bu sergi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Daşary ýurt dillerini bilmek elmydama jemgyýetiň medeni we bilim derejesiniň görkezijisi bolupdy. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!