ARKADAG ARŞA GÖTERDI PYRAGYNYŇ SARPASYNY!


ARKADAG ARŞA GÖTERDI PYRAGYNYŇ SARPASYNY!

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Ýurdumyzyň žurnalistleriniň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda «Arkadag arşa göterdi Pyragynyň sarpasyny!» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Arkadag şäherinde medeniýet hepdeliginiň dabarasy uly toý baýramçylyk şatlygyna beslenip, geçirilýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde geçirilmeginde uly many bar.

Türkmen halkynyň adyny, mertebesini dünýä dabaralandyryp gelýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürdänelerine öwrülip giden parasatly setirleriniň ähmiýeti gün-günden artýar. Çünki akyldar şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary ýüreklerde baky öçmejek mukaddeslikdir. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Watana, halka wepaly, arassa ahlakly, belent ruhly, ynsanperwer ýaşlary terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmeniň halk hakydasynyň üznüksizliginiň, dowamat-dowamlylygynyň üpjün edilmegine ýardam edýär. Hut şonuň üçin hem dürli ylymlaryň meşhur alymlarydyr edebiýatçylary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ürç edip öwrenýärler. Bu bolsa Magtymguly Pyragynyň meşhurlygynyň ýylsaýyn has artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň şeýledigine Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýramçylygynda nygtamak örän ýakymlydyr.

Çykyşlarda ahlak, watanperwerlik, edermenlik we ösüp gelýän ýaş nesil üçin görelde terbiýe mekdebi bolan türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyran beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň mundan beýläk öwrenilmeginiň we giňişleýin wagyz etmeginiň ähmiýeti we zerurlygy nygtaldy.

Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.