AJAP EÝÝAMYŇDA TOÝDUR PYRAGY


AJAP EÝÝAMYŇDA TOÝDUR PYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanada «Ajap eýýamyňda toýdur Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde gündogaryň parlak ýyldyzy, türkmeniň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragy ähli döwürlere hem ähli ömürlere ýalkym saçýan umumadamzat şahyrydygy, Magtymguly Pyragynyň belentlikde dikeldilen hem-de depesi asmana ýetip duran bakylyk heýkeli Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň söz sungatyna, şygryýete, halkyň ruhy gymmatlyklaryna goýýan belent sarpasydygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligini, goşgularyny çuňňur öwrenmäge, olaryň üsti bilen milliligimizi, medeniýetimizi, taryhymyzy giňişleýin beýan etmäge ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.