MILLI MIRASYMYZA BELENT SARPA


MILLI MIRASYMYZA BELENT SARPA

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanada «Milli mirasymyza belent sarpa» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň sungat derejesine göterilen senetçiligi, milliligi we özboluşlylygy bilen meşhur amaly-haşam sungaty dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolup durýandygy barada belläp geçdiler we «Türkmen keçesi» atly täze kitabyň neşir edilendigi we bu kitapda türkmen öýüniň bezegi bolan zenanlaryň on barmagynyň hünäri, ak öýleriň bezegi bolan keçeleriň gadymy aýratynlygy, dürli görnüşli nagyşlary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de boz keçeler, at keçeler, namazlyk keçeler, gülli keçeler, ýaly keçeleriň dürli görnüşleri barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyza uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.