TÜRKMEN SUNGATYNYŇ ROWAÇLYGY


TÜRKMEN SUNGATYNYŇ ROWAÇLYGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Türkmen sungatynyň rowaçlygy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Baýramçylykda Medeniýet hepdeligi döredijiligiň, joşgunyň, ylhamyň baýramy bolup, medeniýet we sungat işgärleriniň hünärine bolan söýgüsini has-da artdyrýandygyny şeýle hem beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň dogulan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilmegi akyldar şahyra goýulýan belent sarpadan nyşan bolup durýandygy hakynda çykyş etdiler. Baýramçylyk çäräniň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren birnäçe aýdym-sazlary baýramçylygyň şowhununy has-da artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýüzüne ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.