ÇAGALAR ÜÇIN NIÝETLENEN TÄZE KITAPÇALAR


ÇAGALAR ÜÇIN NIÝETLENEN TÄZE KITAPÇALAR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Haýyrly hazyna», ady bilen çagalar üçin niýetlenen täze kitapça gelip gowuşdy. Bu kitapçalarda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinde gabat gelýän dost-doganlyk, haýyr-sahawat, ynsanperwerlik şeýle-de haýwanlar, guşlar bilen baglanyşykly ýönekeýje rowaýatlar, ertekiler beýan edilýär. Bu rowaýatlaryň üsti bilen çagalarda we ýetginjeklerde ynsanperwerlik duýgulary artýar, haýwanat dünýäsini söýmäge, olara rehimdar bolmaga bolan isleg, höwes döreýär.

Kitap bilen gyzyklanýan okyjylarymyzy kitaphanamyza çagyrýarys.