ERTEKILERIŇ JADYLY DÜNÝÄSI


ERTEKILERIŇ JADYLY DÜNÝÄSI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda “Ertekileriň jadyly dünýäsi” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde türkmen halk ertekilerinde adamzadyň dost-doganlyk, agzybirlik, ruhubelentlik, halallyk, dogruçyllyk baradaky garaýyşlarynyň, köňül arzuwlarynyň jemlenýändigi barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda “Dostlugyň miwesi” atly kitapdan “Dana ýigit” ertekisi okap berildi. Ertekidäki oglanyň keşbi türkmene mahsus asylly sypatlary, ýagny ugurtapyjylygyň, dogruçyllygyň ähli zatdan artykmaçdygyny görkezýänligi barada giňişleýin gürrüň berildi.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda çagalar üçin döredilip berilýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.