AKYLDAR ŞAHYRYŇ DÜNÝÄ NUSGALYK ESERLERI


AKYLDAR ŞAHYRYŇ DÜNÝÄ NUSGALYK ESERLERI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Akyldar şahyryň dünýä nusgalyk eserleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň ýüreginde däl, eýsem dünýä halklarynyň ýüreginde müdimi ýaşaýar, bu bolsa söz ussadynyň çeper döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da arşa galdyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Akyldar şahyryň edebi mirasy hemişe ynsana kämillik ýoluny salgy bermek bilen, nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhynda terbiýelemegiň ajaýyp ýörelgesi bolup hyzmat edýändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çuňňur sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.