MAGTYMGULY PYRAGY–ŞYGRY PAÝHAS UMMANY


MAGTYMGULY PYRAGY–ŞYGRY PAÝHAS UMMANY

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphana hünärmenleriniň arasynda «Magtymguly Pyragy–şygry paýhas ummany» atly hünär bäsleşigi geçirildi.

Bu bäsleşikde çykyş edenler bäsleşigiň ähli şertleri esasynda bäsleşdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan kitaphana hünärmenleri Medeniýet ministrliginiň hormat hatlary şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.