WATANYŇ KUWWATY, GELJEGI ÝAŞLAR


WATANYŇ KUWWATY, GELJEGI ÝAŞLAR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Watanyň kuwwaty, geljegi ýaşlar» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinde ýurdumyzyň geljegi, bagtyýar ýaşlaryň bu günki üstünliklerinden, Diýarymyzyň beýik ösüşlerine goşýan mynasyp goşandyndan söz açýandygyny, bu gymmatly eser ýaş nesillerimiz üçin ylham çeşmesine öwrülendigi, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýagty geljeginde, şöhratly ösüşlerinde ýaşlara uly ynam bildirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.