BILIMLI NESIL-KUWWATLY WATAN


BILIMLI NESIL-KUWWATLY WATAN

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 76-njy ýöriteleşdirilen okuw mekdebinde mekdep okuwçylarynyň arasynda Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlap «Bilimli nesil-kuwwatly Watan» ady bilen söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Bilim-bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» hem-de hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly gymmatly eserlerinde ylym-bilim we türkmen ýaşlarynyň bilimde gazanan üstünlikleri barada hem söhbetler edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleri netijesinde ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykaran türkmen halynyň Millidi Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.