MAGTYMGULY PYRAGY ŞYGRYÝET ŞALYGYNYŇ BOSSANY


MAGTYMGULY PYRAGY ŞYGRYÝET ŞALYGYNYŇ BOSSANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Mekezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan çagalaryň arasynda «Magtymguly Pyragy şygryýet şalygynyň bossany» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl-paýhas eleginden geçirip, dürdänesi kimin çuňňur, pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň ynsan kalbynda baky orun alandygyny, dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de akyldar şahyryň döredijiliginiň, ýaş nesli terbiýelemekde, edep öwretmekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda uly täsir edýändigini barada giňişleýin beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi, döredijiligimizi giňişleýin öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.