KÖŇÜLLERDE, ÝÜREKLERDE GARAŞSYZLYK MUKAMY!


KÖŇÜLLERDE, ÝÜREKLERDE GARAŞSYZLYK MUKAMY!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Köňüllerde, ýüreklerde Garaşsyzlyk mukamy!» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlap özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etmek bilen bu gün dünýäde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan atly beýik döwleti bar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hakykatdan hem gülläp ösýän, adamzadyň ýagşylyk nuruny saçýan beýik döwletdir. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň agzybirligini, özbaşdaklygyny, ata-babalarymyzyň döwletlilik ýol-ýörelgelerini üpjün edýän döwletdigi barada gürrüň etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.