DÜNÝÄNIŇ AÇARY YLYM BILEN BILIMDIR


DÜNÝÄNIŇ AÇARY YLYM BILEN BILIMDIR

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Dünýäniň açary ylym bilen bilimdir» atly gezelençli söhbetdeşlik geçirildi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda gezelençli söhbetdeşlik geçirildi. Bu gezelençde okuwçylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriniň hem-de döwrümizi wasp edýän neşirleriň Magtymguly Pyragynyň we beýleki ýazyjy şahyrlaryň eserlerinden guralan sergileri synladylar, hem-de sanly tehnologiýalaryndan peýdalanyp özlerine gerek bolan, ylymyň-bilimiň dürli pudaklaryna degişli bolan, maglumatlary aldylar. Kitaphananyň üçünji gatynda ýerleşdirilen obserwatoriýa otagynda teleskop arkaly asman jisimleri barada gyzyklanyp bildiler. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär.

Gezelençli söhbetdeşligiň ahyrynda ylym-bilimiň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.