KITAPHANA SYNY


KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi kitaphana gelip gowşan täze edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ýylymyzda gelip gowşan «Magtymguly, sözle bu şirin dilde» diýen kitapda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy makalalar ýygyndysy beýan edilipdir. Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy, Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ynsan kalbynyň öçmejek nurydyr. Magtymguly atamyz özüniň ölmez-ýitmez edebi döredijiligi bilen döwrüniň durmuşy, syýasy, jemgyýetçilik meselelerine öz sesini goşupdyr. Berkarar döwletli bolup, erkin ýaşamak, Watany, halky söýmek, adalatly, ynsan mertebesini dabaralandyrmak şahyryň baş ýörelgesi bolupdyr. Onuň pähim-parasata eýlenen goşgulary adamzat nesliniň kalbynda baky orun aldy. Şahyryň il-ýurt, berkarar döwlet, agzybirlik, hoşniýetlilik, ynsaplylyk, sahawatlylyk baradaky öwüt-ündewleri, nesillerine goýup giden nesihatlary biziň bu günki eşretli durmuşymyzyň özenini emele getirýändigi barada gürrüň edildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler adamzat nesliniň öçmejek şamçyragy Magtymguly Pyragyny çuňňur hormatlaýan hem-de sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny arzuw etdiler.