HALK MASLAHATY-KÄMIL GELJEGI GURMAGYŇ MÖHÜM ÝOLY


HALK MASLAHATY-KÄMIL GELJEGI GURMAGYŇ MÖHÜM ÝOLY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Halk Maslahaty-kämil geljegi gurmagyň möhüm ýoly» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda zähmet çekýän hünärmenlerimize döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýändigini, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen öňe sürlen we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän maksatnamalaýyn işleriniň esasynda ýurdumyzda ýaş hünärmenleriň zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny gazanmak, jemgyýetde demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagy esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde görülýän uly taýýarlyk dogrusynda gürrüň berdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda eşretli durmuşda ýaşamaga, zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.