GOŇŞY DOGANLYK DÖWLETIMIZ ÝURDUMYZDA MYHMANÇYLYKDA
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi myhmançylykda boldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi hormatly Nawid Rasuli gezelençde bolmak bilen Döwlet kitaphanasynyň bölümleriniň işi bilen giňden tanyşdy. Şeýle hem myhman Döwlet kitaphanasyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeni merkezi tarapyndan işlenen 15 sany golýazmadan ýazylan iki jiltden ybarat kitabyny hem-de 10000 sözden ybarat bolan parsça-türkmençe sözlügi we türkmençe-parsça gepleşik sözlügini, 30 sany gadymy pars ertekilerini sowgat etdi.