KITAPHANA SYNY


KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi kitaphana täze gelen metbugat neşirlerinden kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler bölüme täze gelip gowşan metbugat neşirlerinden giňişleýin syn berildi.«Türkmenistan» gazetinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler atly makalada ýurdumyzda täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna hem-de ýetip gelýän şanly senä–mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlandy. Bu gazetlerde ýerleşdirilen makaladyr,goşgular diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Kitaphana synynda çykyş edenler sözleriniň ahyrynda dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.